Sargyt etmegiň iki görnüşi bar:


1. Siz sargydyňyzy satyjynyň internet sahypasynda, özbaşdak tölegini etmek arkaly sargyt edip, eltip bermek üçin bolsa 
biziň daşary ýurt ammar adresymyzy ulanmak bilen resmileşdirýärsiňiz. Sargydyňyz daşary ýurt ammarymyza geleninden soň, biz ony iň golay uçar sapary bilen Türkmenistana iberýäris we siz ony Aşgabatdaky ofisimizden we alyp gitmek nokatlarymyzyň haýsy hem bolsa birinden alyp bilersiňiz ýa-da adresyňyza eltip bermek hyzmatymyzdan peýdalanyp bilersiňiz.

2. Siz bize satyn almak isleýän harytlaryňyzyň goşundylaryny(ssylkalaryny) olaryň takyk ölçegini, reňkini, modelini we ş.m. jikme-jik maglumatlaryny belläp geçmek bilen iberýärsiňiz. Sargydyňyz üçin gerek bolan pul serişdelerini nagt görnüşinde bize öňünden töläp bilersiňiz ýa-da Aseshop müşderi paneliňyzdaky öňden ýüklenen balansyňyz arkaly töläp bilersiňiz (Aseshop müşderi paneliňizdäki balansyňyzy islendik wagt dolduryp bilersiňiz). Soňra sargydyňyzy siziň deregiňize tölegini edip resmileşdirýäris. Sargydyňyz daşary ýurt ammarymyza geleninden soň, ony iň golaý uçar sapary bilen Türkmenistana iberýäris we siz Aşgabatdaky ofisimizden we alyp gitmek nokatlarymyzyň haýsy hem bolsa birinden alyp bilersiňiz ýa-da adresyňyza eltip bermek hyzmatymyzdan peýdalanyp bilersiňiz.


Harytlaryň daşary ýurt ammarymyza iberilmegi işleşýän ýurtlarymyzdaky şol internet satyjylaryna we platformalaryna baglydyr.

Harytlaryňyz ammarymyza geleninden soň Stambuldan Aşgabada çenli getirip bermegiň wagty çen bilen 2-3 iş günidir, beýleki ýurtlarymyzdaky ammarlarymyzdan bolsa Aşgabada çenli getirip bermegiň wagty çen bilen 7-10 iş günidir.

Aşgabatdan welaýat merkezlerine eltip bermek ortaça 1-2 iş günidir. (Öňünden ofisymyz bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris, sebäbi häzirki wagtda welaýat merkezlerine eltip bermek hyzmaty bilen üpjin etmek boýunça işler alnyp barylýar).


Internet platformalarynda söwda edeniňizde harytlary özbaşdak satyn alýan bolsaňyz, adaty bolşy ýaly VISA we MASTERCARD ýaly bank kartlary arkaly harytlaryňyzy töläp bilersiňiz.

Eger sargytlaryňyzy Siziň üçin tölenip berilmegini isleýän bolsaňyz, öňünden töleg hökmanydyr - ýagny harydyň(laryň) doly bahasy we hyzmat üçin komissiýa tölegi, mundan daşary Aseshop sahypasynda öz islegiňiz boýunça şahsy otagyňyzdaky balansyňyzy öňünden töleg etmek arkaly dolduryp bilersiňiz.
Adatça bolşy ýaly eltip bermek hyzmatynyň tölegi harydyňyz daşary ýurt ammarymyza baranyndan soň edilýär, ýa-da Aşgabatdaky ofisimize geleninden soň töläp bilersiňiz, şeýle hem
Aseshop web sahypamyzda bank kartlary arkaly töleg etmek mümkinçiliginden peýdalanyp bilersiňiz.

Eger-de Siz Aşgabadyň çäginde, Aseshop kurýer hyzmatyndan peýdalanmak isleýän bolsaňyz, ekspeditor sürüjimiz adresyňyz boýunça harydyňyzy eltip bereninde nagt görnüşinde hem töläp bilersiňiz.


Eltip bermek hyzmatynyň bahasy, harydyň gaplanan agramyna we ölçeglerine baglydyr. Has takyk bahalary tariflar bölüminde görüp bilersiňiz ýa-da kalkulýatory ulanyp bilersiňiz.


Göwrüm agramy fiziki agramyndan geçýän bolsa, eltip bermek hyzmatynyň tarify göwrüm agramyna görä kesgitlenilýär.
Göwrüm agramy, harydyň gaplanan görnüşindaki ölçeglere laýyklykda, bellenilen formula arkaly hasaplanylýar: uzynlygy (sm) x ini (sm) x beýikligi (sm) / 5000 = göwrüm agramy (kg).


Käbir daşary ýurt internet dükanlary Türkmenistanda çykarylan bank kartlaryny kabul etmeýär. Bu ýagdaý sebäpli, bize öňünden tölegini eden halatyňyzda,siziň deregiňize sargydyňyzy töläp alyp bileris. Bu hyzmatymyz üçin, halaýan harytlaryňyzyň goşundylaryny(ssylkalaryny) ugratmagyňyz ýeterliklidir. Bu hyzmatymyzyň komissiýa töleginiň bahasy, satyn alynýan harydyň jemi bahasynyň 10% -dir.

Siz sargydyňyzy Aşgabat /G.Ezizow (Sawhoznaýa) köç. jaý № 36 ("Ulag-Menzil" jaýynyň 1-njy gat ortaky girelge) salgysynda ýerleşýän ofisimizden alyp bilersiňiz, ýa-da Aşgabadyň çäginde eltip bermek hyzmatymyzdan peýdalanyp bilersiňiz, sebäbi häzirki wagtda beýleki şäherlere eltip bermek hyzmaty bilen üpjin etmek boýunça işler alnyp barylýar.

Aşgabadyň çäginde eltip bermek hyzmatynyň bahasy 5 kg. çenli 40 TMT(Änew,Çoganly,Gurtly etrapçalaryny hem goşmak bilen).

Daşalmaga gadagan edilen we çäklendirilen harytlaryň we maddalaryň sanawy

ÝARAGLAR WE OLARYŇ HAKYKY DURKYNA ÇALYMDAŞ MAKET GÖRNÜŞLERI

•Ot atyjy ýaraglar, alowly, pnewmatiki, gazly ýaraglar, ok-därileri, kesiji ýaraglar (zyňylýan ýaraglary goşmak bilen), elektroşok enjamlary we uçgun aralyklary, şeýle hem ot atyjy ýaraglaryň esasy bölekleri, doldurylmadyk partlaýjy enjamlary we ok-därileri, şol sanda doldurylmadyk granatalar, snarýadlar we şuňa meňzeş beýleki zatlar, şeýle hem bularyň hakyky durkyna çalymdaş maket görnüşleri.
•Pnewmatiki görnüşündäki oýunjak ýaraglar. 


PUL BELGILERI

•Türkmenistanyň banknot belgileri we daşary ýurt walýutasy.


DIRI ORGANIZMLAR
•Diri guşlar, gemirjiler, arylar, sülükler we ýüpek gurçuklary
•Ösümlikler we olaryň tohumlary
•Zäherli ösümlikler


FARMASEWTIKI DERMANLAR WE LUKMANÇYLYK ÖNÜMLERI
•Derman serişdeleri, medesina harytlary we lukmançylyk gurallary.
•Narkotiki maddalary içine alýan derman serişdeleri, güýçli psihotrop maddalary we olaryň prekursorlary.


HOWPLY ÝÜKLER

•Biologiki ýa-da himiki howpy döredýän maddalar.
•Radioaktiw, partlaýjy, zäherli, poslaýjy, aňsat ýanyjy we beýleki howply maddalar. Saklanylmaga we daşalmaga howply bolan maddalary öz içine alýan ok-därileri, snarýadlar, patronlar we partlaýjy serişdeler.
•Gaplamasy we adaty hasiýeti boýunça AseShop hyzmatynyň işgärlerine ýa-da umumy ilata howp döredip biljek ýa-da beýleki ýüklere we enjamlara zeper ýetirip biljek beýleki harytlar.
•Howply ýükler hökmünde klassifisirlenýän beýleki howply maddalar (howply ýükleriň islendik görnüşleri).


AKKUMULÝATOR BATAREÝALARY
•Enjamlardan aýry iberilýän litium önümleri ýa-da litium-ion we demir batareýalar.


BEÝLEKI
•Pornografik materiallary öz içine alýan ahlaksyz häsiýetli harytlar.
•Resminamalar, adaty we bellige alnan hatlar, poçta kartoçkalary we banderollar, şeýle hem gymmat kagyzlary we olaryň aksiýalary, aksiz markalary we ş.m.
•Alkogol we alkogol içgileri, etil spirti.
•Islendik görnüşli temmäki önümleri we çilim garyndylary.
•Galp we garakçylyk hasiýetli harytlar, programma üpjünçiligi, kino we surat materiallarynyň galp nusgalary.
•Importy ýa-da dolanşygy Türkmenistanyň ykdysady hasiýetli gadaganlyklaryna degişli bolan harytlar.
•Ynsan galyndylary, islendik görnüşindäki külleri (şol sanda ynsan embrionlary, plasentalar we zergärçilik şaý-sepleriň içine emelleşdirilen görnüşleri).
•Aw heýkelleri (haýwan derileri, garantga şekilleri, şahlar, kelleler we ş.m.).
•Poçta gutularyna, harby bölümlerine we düzediş edaralaryna ugradylan ýükler.
•Türkmenistanyň gümrük serhedine getirilmegi we Türkmenistanyň gümrük serhedinden çykarylmagy çäklendirilen, maglumatlary gizlin almak üçin niýetlenen ýörite tehniki serişdeler.
•
Aseshop hyzmatynyň düşünjesine görä, daşalmagyň howpsuzlygyny ýa-da kanunçylygyny üpjün edip bolmaýan beýleki goşundylar.


Harytlaryň maksatlaýyn ulanylşy gümrük gözegçiliginiň ygtyýarly işgäri tarapyndan, harytlaryň häsiýetine, mukdaryna we dolanşyk ýygylygyna görä kesgitlenilýär.
Gümrük gullugynyň işgäri harytlaryň maksatlaýyn ulanylşyny kesgitläninde, aşakda beýan edilenlere esaslanýar:


1. Harytlaryň häsiýeti — bu ýagdaýda şahsy, maşgala we öý hojalyk zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin niýetlenen harytlaryň, täjirçilik maksatlary üçin ulanmak bilen baglanyşykly bolmadyk sarp ediş häsiýetleri hasaba alynýar.


2. Harytlaryň mukdary — hojalyk üçin niýetlenen, şahsyň we onuň maşgala agzalarynyň zerurlyklaryndan aýdyň artyk möçberde birmeňzeş harytlaryň (birmeňzeş atly, ölçegli, reňkli we ş.m.) impordy täjirçilik maksady bilen ulanylmaga degişli diýlip hasaplanýar.


3. Harytlaryň dolanşyk ýygylygy — az mukdarda bolsa-da, birmeňzeş harytlar şol bir şahs tarapyndan ýygy-ýygydan getirilmegi we bu harytlaryň şahsy harajat üçin ulanylmaga degişlidigini subut edip bolmadyk halatynda, harytlar täjirçilik maksady bilen ulanylmaga degişli diýlip hasaplanyp bilner. 


Top