Internet platformalarynda söwda edeniňizde harytlary özbaşdak satyn alýan bolsaňyz, adaty bolşy ýaly VISA we MASTERCARD ýaly bank kartlary arkaly harytlaryňyzy töläp bilersiňiz.
Eger sargytlaryňyzy Siziň üçin tölenip berilmegini isleýän bolsaňyz, öňünden töleg hökmanydyr - ýagny harydyň(laryň) doly bahasy we hyzmat üçin komissiýa tölegi, mundan daşary Aseshop sahypasynda öz islegiňiz boýunça şahsy otagyňyzdaky balansyňyzy öňünden töleg etmek arkaly dolduryp bilersiňiz.
Adatça bolşy ýaly eltip bermek hyzmatynyň tölegi harydyňyz daşary ýurt ammarymyza baranyndan soň edilýär, ýa-da Aşgabatdaky ofisimize geleninden soň töläp bilersiňiz, şeýle hem Aseshop web sahypamyzda bank kartlary arkaly töleg etmek mümkinçiliginden peýdalanyp bilersiňiz.
Eger-de Siz Aşgabadyň çäginde, Aseshop kurýer hyzmatyndan peýdalanmak isleýän bolsaňyz, ekspeditor sürüjimiz adresyňyz boýunça harydyňyzy eltip bereninde nagt görnüşinde hem töläp bilersiňiz.